Akyldaryň döredijiligini wagyz edip

14 Noýabr 2024
325

12-nji noýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda hereket edýän «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubunda onlaýn görnüşde «Magtymguly Pyragy — asyrlaryň paýhasy» atly sebitara maslahat geçirildi. Ony ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilelikde gurady.

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerime eýe bolan şeýle halkara duşuşyklar Gündogaryň beýik söz ussadynyň edebi mirasyna has çuň akyl ýetirmäge, şahyryň ynsanperwerlik, parahatçylyk, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny rowaçlandyrmak baradaky pikirlerini dünýäde wagyz etmäge bagyşlanýar.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».