Özara tejribe alyşmaga gyzyklanmalar

7 Noýabr 2024
321

Golaýda Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Daşkent şäheri) Lýubomir Frebortyň ýolbaşçylygyndaky, Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet ýurdumyzda saparda boldy. Onuň maksady çeh bilim ojaklarynyň Türkmenistanda guralan ýarmarkasyna gatnaşmakdan we bilim ugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmekden ybarat boldy.

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilen Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasynyň resmi açylyş dabarasy ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň talyplarynda, uçurymlarynda we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Oňa gatnaşan ýaşlara dostlukly döwletiň uniwersitetleriniň okuw maksatnamalary, daşary ýurtlarda okamagyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga, Çehiýada talyp durmuşynyň aýratynlyklary hakynda sowal-jogap alyşmaga mümkinçilik döredildi.

(Ýörite habarçymyz).