Magtymguly Pyragy – bagşylaryň dilinde

2 Noýabr 2024
294

Akyldar Magtymgulynyň şygyrlary dagdan çogup çykan gözbaşy arassa çeşmäniň suwy kimin jana şypalydyr. Ol şygyrlar edil daň säheriň howasy ýaly tämizdir. Olar läle-reýhanly, gül-gülälekli bagy-bossanyň hoştap ysy kimin bark urup, ynsanyň janyna hoşluk çaýýar. Bedenleri bogun-bogun söküp, ýüreklere giňlik berýän dutaryň mylaýymdan şirin sazy bolup heýjana getirýär». Bu sözler dana atamyzyň şygyrlaryna berilýän baha. Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady Magtymguly Pyragynyň öňdengörüji filosofiýasy baradaky oý-pikirler hemişe hyýalyňda. Çeper sözüň ussadynyň şygyrlaryny köküni ýere uran daglara meňzedýärler. Bu — hakykat. Magtymgulynyň her bir şygry diňe daglarda däl, eýsem, ynsan kalbynyň töründe hem kök urdy.

Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,

Berdimyrat ALYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň aýdym-saz mugallymy.