Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Taryhy özgertmeleri başdan geçirýän eziz Diýarymyzyň ykdysady ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda milli manadymyzyň hümmetiniň bellenilen derejelerde saklanmagynyň döwletimiziň ösüşlerine gönüden-göni täsir edýändigi aýdyň hakykatdyr.
Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, bazar ykdysadyýetiniň özboluşly türkmen nusgasyny döretmek bilen, dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyryp gelýär. Şol ýyllarda asyrlar aşyp gelýän milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýan döwlet nyşanlarymyz döredildi. Şolaryň hatarynda bolsa, türkmen milli manady aýratyn ähmiýete eýedir.