1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Garaşsyz ýurdumyzyň çäginde pul birligimiz hökmünde türkmen milli manady dolanyşyga girizildi. Her ýylyň şol gününde bolsa döwletimizde türkmen milli manadynyň güni bellenilip geçilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan ösüşler milli manadymyzyň maliýe-pul syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly orna eýe bolandygyny görkezýär.