Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şol maksat bilen döwletiň garamagyndaky we hususy kärhanalara eksport ugurly önümçiligi ösdürmäge ähli şertler döredilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistandaky kärhanalar halkara bazaryna çykmagyň täze ýollaryny tapmagyň üstünde yzygiderli iş alyp barýarlar. Häzirki wagtda «Turkmen Exporter» platformasy amatly we ygtybarly «B2B» görnüşindäki hyzmatdaşlyk arkaly, ýerli öndürijileri dünýäniň dürli künjeklerindäki alyjylar bilen birleşdirýän sanly köpri bolup hyzmat edýär. Döwrebap işewürlik üçin döredilen bu platforma diňe bir dokma we oba hojalygy pudagyna degişli esasy harytlary mahabatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanda öndürilen önümleriň ýokary hiline hem ünsi çekýär.
Ýerli kärhanalara dünýä bazaryna çykmakda goldaw