Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatitiň toplumlaýyn bejergisinde çomujyň peýdalylygy

22 Oktýabr 2024
269

Hydyr AÝNAZAROW, Jumadurdy GARLYÝEW, Orazgeldi BABAÝEW
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň terapewtik stomatologiýa, çaga stomatologiýasy kafedralary

Häzirki döwürde stomatologik kömeginiň ýokary depginde ösenligine garamazdan, ilat arasynda agyz boşlugynyň nemli bardasynyň (ABNB) keselleriniň ýaýrawy ýeterlik derejede bolmagynda galýar. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit (ÜGAS) ABNB-nyň üznüksiz alawlama keseli bolup, agyryly aftlaryň gaýtalanyp ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýär [1, 2, 5]. Edebiýat maglumatlaryna görä, agzyň nemli bardasynyň keselleriniň içinde ÜGAS keseli 15%-e çenli duşýar. BSGG-niň statistik hasaplamalaryna görä, ÜGAS-yň ilat arasynda ýaýraýjylygy 20%-e çenli bolup, esasan, 21-44 ýaşly adamlaryň arasynda has ýokary ýygylykda duşýar [1-3, 5]. ÜGAS 40-50% bedeniň dowamly keselleri, agyz boşlugynyň wirus zeperlenmeleri bilen utgaşýar. Keseliň patogenezinde immunologik nazaryýeti öňe sürlüp, zeperlenme alamatlaryň ýüze çykmaklygyny öýjük, gumoral, ýerli we umumy immunitetiň bozulmalary, B-limfositleriň mukdarynyň köpelmegi, sülekeýde IgG-niň ýokarlanyp, IgM we IgA mukdarynyň peselmegi bilen baglanyşdyrýarlar [3-5]. Şeýle-de bu meselelerde daşky gurşawyň yssy-gurak we durnuksyz howasynyň köp sanly dowamly keselleriň ýitileşmegine, şol sanda ABNB-nyň ýaralaryň köpelmekligine sebäp bolýandygy aýdyňdyr [7, 8].