Keremli topragyň tenekar iýmişleri

9 Oktýabr 2024
382

Sahawatly türkmen topragynda bitýän miwedir ir-iýmişler, gök-bakja önümleri ýokumlylygy, jana tenekarlygy bilen tapawutlanýar. Olardan taýýarlanylan kakadylan önümler, gury iýmişler hem ynsan saglygy üçin peýdaly witaminleriň, maddalaryň esasy çeşmesidir. Miweler kakadylanda düzümindäki suwuň bugarmagynyň hasabyna kişdedir kişmişiň bir gramynda saklanýan ýokumly witaminleriň möçberi artyp, bedeni gurplandyryjy häsiýeti has ýokarlanýar.

Kişmiş — ak we gara üzümiň kişmişi kaliý maddasyna baý bolup, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. Halk tebipçiliginde kişmişiň degna dartgynlylygyny köşeşdiriji, rahatlandyryjy häsiýetleriniň bardygyna göz ýetiripdirler. Häzirki wagtda ylym hem kişmişiň nerw öýjükleriniň dartgynlylygynda, dowamly degna argynlygynda haýyr edýändigini subut etdi. Onuň düzümindäki B1, B2, B5 toparlaryna degişli bolan witaminler nerw ulgamyna köp agram salýan akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlar üçin has peýdalydyr. Kişmişde saklanýan fosfor, magniý, demir elementleri össürim, çagalaryň we ýetginjekleriň synalaryny taplaýar.

Mähri HANOWA,
Görogly etrap hassahanasynyň lukmany.