Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň mejlisler jaýynda «Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň we Ahal welaýat bölüminiň işgärleri, meýletinçileri hem-de döredijilik işgärleri gatnaşdy.
Maslahaty Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açylowa açyp, oňa gatnaşyjylary Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli gutlady hem-de bu senäniň giňden dabaralandyrylmagynyň ähmiýetini belledi. Maslahatyň barşynda çykyşlaryň başga-da birnäçesi diňlendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy, şahyr Gülşirin Hanowanyň, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewanyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň işgärleri Kerimberdi Hakberdiýewiň, Süleýman Haýdarowyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Ogulnabat Owlakowanyň çykyşlary diýseň täsirli boldy. Olar ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde Watanymyzyň ýeten belent derejeleri, arşa göterilen şan-şöhraty, täze taryhy döwrümizde durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli işler dogrusynda buýsanç bilen söhbet açyp, ýazan goşgularyny labyzly okadylar.