Baýramçylyk maslahaty geçirildi

23 Sentýabr 2024
337

Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçiren maslahatymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa agrosenagat toplumynyň işgärleridir hünärmenleri, işjeň partiýa agzalarymyz we talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda berkarar döwletimizde ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda işleri öňe ilerletmekde durmuşa geçirilýän özgertmeler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Şeýle hem ýylyň geçen döwründe welaýatymyzyň kärhanalarynda meýilnamalary üstünlikli berjaý etmekde we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmakda ýetilen sepgitlere, ilaty zähmete höweslendirmekde alnyp barylýan işlere üns çekildi. Çykyşlarda partiýanyň döredilen gününden bäri alnyp barlan işlere, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine hem seljerme berildi. Soňra öňdebaryjy partiýa agzalaryna Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Maslahata gatnaşyjylar pudagyň işini döwrebaplaşdyrmaga, hemmetaraplaýyn ösdürmäge giňden ýardam berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Irina HEMRAKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni.