Tutumly işlere badalga

16 Awgust 2024
142

Şu günler paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde anyk tabşyryklary berdi. Nobatdaky möhüm ähmiýetli çäre şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda geçiriler.

Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet bilen jemgyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygyň, jemgyýetiň jebisliginiň berk köprüsine öwrüldi. Halkyň wekilçiliginiň, isleg-arzuwlarynyň, watançylyk başlangyçlarynyň ýüze çykýan ýeri hökmünde uly abraýa we ynama eýe boldy. Foruma dürli pudaklaryň wekilleriniň, ak sakally gojalaryň, eneleriň, ýaşlaryň hem gatnaşmagynda aýratyn many bar. Çünki il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek hem-de milli demokratik däplere eýermek halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda belleýşi ýaly, Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ynamdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr.

Hojamyrat IŞANKULYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylym bölüminiň başlygy.