Zäh­met so­ňy – reh­net

16 Awgust 2024
80

Adamy beýleki jandarlardan tapawutlandyrýan zat onuň akyly we zähmetidir. Zähmet üstünligiň ilkinji şertidir. Zähmetsiz hiç zat mümkin däl. Eger «Beýik işleri amala aşyrmak üçin adama iň gerekli zat näme?» diýip soralsa onuň jogaby «Zähmetsöýerlik» bolardy. Zehini görmezlik mümkin, başarjaňlygy görmezlik mümkin, yhlasy görmezlik mümkin, emma zähmeti görmezlik mümkin däl. Zähmetsöýer adamy, onuň zähmetiniň netijesini gözden sypdyrmak mümkin däl. Meselem, Müsür barada bilýän zadyňdan biri hökmany suratda Müsür piramidalary bolar. Hytaý barada bilýän zadyňdan biri hökmany suratda Beýik Hytaý diwary bolar, sebäbi bu diwary gurmak üçin millionlarça adam zähmet siňdiripdir. Diýmek zähmeti, zähmetiň netijesini görmezlik mümkin däl.

Bas­ket­bolyň ýyl­dy­zy Maýkl Jor­dan egin­deş­le­ri­niň ara­syn­da özü­niň bök­mek we to­py to­ra sal­mak uky­by bi­len däl-de, il­ki bi­len örän agyr tür­gen­le­şik­le­ri bi­len ta­na­lyp­dyr we mu­nuň üçin oňa uly hor­mat go­ýup­dyr­lar. Hat­da ýyl­dyz bas­ket­bol­çy hök­mün­de ta­na­lyp baş­la­nyn­dan so­ňam, bu erjel türgen agyr tür­gen­le­şik­le­ri­ni bir­ji­gem sypdyrmandyr. Agyr tür­gen­le­şik­le­riň üs­ti bi­len zäh­met çek­me­gi we der dök­me­gi öw­ren­ýär­siň. Ru­hu­ňy dur­nuk­ly ýag­daý­da sak­la­mak üçin zäh­met çek­mek­den peý­da­ly zat ýok­dur. Se­bä­bi, eger iş­le­nil­se, zäh­met çe­kil­se, hök­ma­ny su­rat­da ne­ti­je bo­laý­ma­ly. Eger ne­ti­je bol­ma­sa ýa-ha zäh­met çe­ki­len däl­dir, ýa-da ýal­ňyş zäh­met çe­ki­len­dir.