HA­ZAR DEŇ­ZI – DOST­LUK WE HYZ­MAT­DAŞ­LYK DEŇ­ZI

16 Awgust 2024
55

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri girizildi.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ha­zar se­bi­tin­de söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag-lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­ny, se­na­ga­ty we ener­ge­ti­ka­ny ös­dür­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­ti» ke­ma­la ge­tir­mek, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek, deň­ziň bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak, bu tä­sin suw aý­ty­my­nyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak, gel­jek­ki ne­sil­le­re mi­ras gal­dyr­mak ba­ra­da giň ge­rim­li, ýurt hem-de se­bit äh­mi­ýet­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýurt­da dö­re­di­len eko­lo­gi­ki ka­nun­çy­lyk ul­ga­my döw­let te­bi­ga­ty go­ra­ýyş sy­ýa­sa­ty­ny ne­ti­je­li ama­la aşyr­ma­ga we te­bi­gy se­riş­de­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Esa­sy üns bol­sa Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­ma­ga be­ril­ýär.