Ýokary hilli we rahat

13 Awgust 2024
602

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri halk hojalygynyň dürli ugurlarynda göreldeli zähmet çekýärler we milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhana hem şolaryň biridir.

Hususy kärhana 2013-nji ýyldan bäri edara-kärhanalar üçin ýörite egin-eşikleriň tikinçiligini amala aşyryp gelýär. Kärhanada Hytaýdan getirilen enjamlar işledilýär. Onda işçi-hünärmenleriň 250-ä golaýy zähmet çekýär. Olar awtomatlaşdyrylan we kompýuterleşdirilen enjamlara başarjaňlyk bilen erk edýärler. Kärhana, esasan, azyk önümçiligi, lukmançylyk edaralary, gurluşyk kompaniýalary, nebitdir gaz, senagat kärhanalary, ulag we aragatnaşyk pudaklary, oba hojalyk işgärleri üçin ýörite lybaslary, iş egin-eşiklerini tikýär. Taýýar egin-eşikler 42-den 64-e çenli ölçeglerde müşderilere hödürlenýär.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».