Üstünlik hemraňyz bolsun, olimpiýaçylarymyz!

26 Iýul 2024
219

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli wise-premýere Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyny dabaraly ugratmak çäresine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň şol tabşyrygyndan ugur alnyp, 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda 26-njy iýul – 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar