Duýguly dünýä

26 Iýul 2024
295

ÖMRÜM

Goşulýar ömrüme ýene-de bir ýyl,
Ýene çagalygym düşýär ýadyma.
Hamrak ejem bilen janserek kakam
Jan sözüni goşup «Jemal» adyma
Dileg ederdiler ýollaň agyny,
Ýaşyň uzagyny, bagtyň çür başyn.
Iň gymmatly sowgatlarym — jigilem
Böküp-bökjekleşip, alardy daşym.

Gurbanjemal ANNAKOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar