Tehnologiýa kompaniýalary Hytaýdan öňe geçdi

26 Iýul 2024
73

Dünýäniň öňdebaryjy 10 tehnologiýa kompaniýasynyň umumy gymmaty 18 trillion dollara golaýlady. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda jemi içerki önümi 17,6 trillion dollar bolan Hytaýdan öňe geçdiler. «Companies Market Cap» saýtynyň seljermesine görä, iri kompaniýalaryň paýnamalary we bazar gymmaty göz öňünde tutulanda, «Apple » 3,4 trillion dollarlyk gymmaty bilen öňdeligi eýeleýär. Bazar gymmaty 3,3 trillion dollar bolan «Microsoft » ikinji orunda durýar. Mahal- mahal birinji ornada çykýan «Microsoft »-yň bazar gymmaty 2023-nji ýylyň iýul aýynda 2,5 trillion dollar bolan bolsa, bir ýyldan soňra 3,3 trillion dollara ýetdi. Kompaniýanyň gymmatynyň artmagynda emeli aň we «bulut » hyzmatlarynyň täsiri uly bolupdyr. Soňky ýyllarda garaşylmadyk ýagdaýda öňe saýlanan NVIDIA kompaniýasynyň bazar bahasy 3 trillion dollardan geçipdir. Geçen ýylyň iýul aýynda bu görkeziji 1,2 trillion dollar bolupdyr. Emeli aň tehnologiýasyna degişli harytlary we hyzmatlary çykarmagy bu kompaniýanyň çalt depginler bilen ösmegine getirdi. Sanawda «Google »-a eýeçilik edýän «Alphabet » 2,2 trillion dollarlyk bazar bahasy bilen dördünji, «Amazon » 1,9 trillion dollarlyk bazar bahasy bilen bäşinji orunda durýar. «Meta » (1,2 trillion dollar), TSMC (878 milliard dollar), «Tesla » (802 milliard dollar), «Broadcom» (749 milliard dollar) we «Tencent» (449 milliard dollar) ilkinji onluga giripdir.

Beýleki habarlar