Ýaşamak üçin iň amatly şäherler

26 Iýul 2024
75

«The Economist » žurnaly dünýäde ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň sanawyny taýýarlady. Neşire degişli bolan «The Economist Intelligence Unit» (EIU) sanawyna jemi 173 şäher girizilipdir. Sanaw taýýarlananda, esasan, durnuklylyk, medeniýet we daşky gurşaw, bilim, saglygy goraýyş hyzmatlary we infrastruktura ugurlary nazara alnyp, iň ýokary baly 100 bolan baha berilýär. Her ugurdan 30 töweregi maglumata garalýar we seljerilýär. Mysal üçin, saglygy goraýyş we bilimde berilýän hyzmatyň hiline we elýeterliligine seredilýär. Infrastruktura ugruna baha berlende, jemgyýetçilik ulaglary, ýollar, ýollaryň baglanyşygy, ýaşaýyş jaý we jemagat hyzmatlaryny göz öňünde tutulýar. Bilermenler bu ýylky ortaça balyň 76,1-e çykandygyny belleýärler. Ortaça bahanyň ýokarlanmagynda bilim ulgamynyň ösmeginiň täsiri bolupdyr. Deň baha alandygy sebäpli käbir orunlara birden köp şäher mynasyp görlüpdir. Sanawyň başynda Awstriýanyň Wena şäheri bar. Şeýlelikde, bu şäher sanawda üçünji gezek birinjiligi eýeledi. Şäher bäş ugruň dördüsinden ýokary baha mynasyp bolupdyr. Sanawyň ilkinji onlugyna girýän şäherleriň köpüsi geçen ýylkydan üýtgemedi. Ikinji orny Daniýanyň Kopengagen şäheri eýeläpdir. Üçünji ýerde Şweýsariýanyň Sýurih şäheri bar. Dördünji ýeri Awstraliýanyň Melburn, bäşinji orny Kanadanyň Kalgari hem-de Şweýsariýanyň Ženewa şäherleri eýeläpdir. Sidneý (Awstraliýa) bilen Wankuwer (Kanada) altynjy, Osaka (Ýaponiýa) hem-de Oklend (Täze Zelandiýa) ýedinji bolupdyr. Adelaida (Awstraliýa), Toronto (Kanada) we Helsinki (Finlýandiýa) ilkinji onlugyň soňky basgançagyny eýeläpdir.

Beýleki habarlar