Ýurdumyzyň energetika kuwwaty artýar

26 Iýul 2024
76

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň täze belent sepgitlerine gadam basýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy », «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy », şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy » kabul edildi. Görnüşi ýaly, bu maksatnamalary amala aşyrmak üçin giň gerimli işleriň täze tapgyryna badalga berilýär, örän ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şol durmuşa geçirilýän ähmiýetli taslamalaryň biri hem Diýarymyzyň energetika kuwwatynyň ösüşi bolup durýar. Ýurdumyzda ýangyç- energetika toplumyny ösdürmegi çaltlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Energetika babatda döwlet syýasaty energetiki garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, energetikanyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilendir. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ekologiýa taýdan arassa energetikany, onuň mundan beýläk hem howpsuzlygyny, energotygşytlylygyň dolandyrylmagynyň öňdebaryjy usulyýetleriniň we ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny, önümçiligiň we energiýa serişdeleriniň, şol sanda elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň energo netijeliligini üpjün edýän, ylmyň gazananlaryna esaslanýan täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak babatda möhüm işler alnyp barylýar. Bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy bolup ýakynda, has takygy, 2024-nji ýylyň ýanwar– iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli wise- premýeriň nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropilen öndürmek boýunça gazanylan tehniki- ykdysady görkezijiler barada hasabaty diňlenildi. Hasabatdan görnüşi ýaly, «Türkmennebit » döwlet konserni tarapyndan meýilnamanyň 102,9 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi. Döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,3 göterim, dizel ýangyjynyň meýilnamasy 100,1 göterim, polipropileni öndürmegiň meýilnamasy 107,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim berjaý edildi. Şeýle- de, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki- ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä- de, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmek, Hazar deňziniň sebitinde uglewodorod serişdelerini gözlemek we özleşdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek, türkmen geologlary tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan gatlaklaryny gözlemek, barlamak işlerini netijeli dowam etdirmek, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gözlemek, ýüze çykarmak, özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk- de güýçlendirmek we bu işlere halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak zerur bolup durýar diýip hormatly Prezidentimiz nygtady. 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmennebit » döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, zawodlar toplumy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň netijesinde, dürli görnüşli nebit önümleri bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gaz hem öndürilýär. Ony saklamak hem-de sarp edijilere ýükläp ibermek üçin ýörite terminalyň hyzmatyndan peýdalanylýar. Bu desgalaryň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň golaýynda ýerleşýän, suwuklandyrylan gazy saklamak we ýükläp ibermek üçin niýetlenen terminaly giňeltmek, onuň kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Türkmenistan tebigy baýlyklaryny dünýä bazarlaryna çykarmakda hem köpugurly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny integrirlemek pikirlerini hem-de ýörelgelerini yzygiderli öňe sürýär. Bu ulgamda döwletara söwda- ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak babatdaky ählumumy meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu giň gerimli taslamalar Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň tassyklanylan maksatnamasyna laýyklykda durmuşa geçirilýär. Onda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty hem-de beýleki ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlendi. Ýangyç- energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipe eksport bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine artýan içerki zerurlyklary kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki pudaklaryň depginli ösüşi bilen şertlendirilendir. Ýurdumyzyň energetika kuwwatyny ösdürmekde maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Ýusup Ulugberdiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Beýleki habarlar