Şu gün Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berler

26 Iýul 2024
82

Şu gün Fransiýanyň paýtagty Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler. Ýer şarynyň iň uly sport guramaçylygy bolan bu Olimpiada 11-nji awgusta çenli dowam eder. Oňa dünýäniň 206 ýurdundan 10 müň 714 türgen gatnaşýar. Şolaryň arasynda ildeşlerimiz hem bolup, türkmenistanly 6 türgen ýurdumyzyň adyndan wekilçilik eder. Uly dabara bilen ugradylan ýurdumyzyň wekiliýetinde umumylykda 19 adam bar. Ildeşlerimiz sportuň agyr atletika, dzýudo, ýüzmek hem-de ýeňil atletika görnüşleri boýunça bäsleşiklere gatnaşarlar. Agyr atletikadan Dawranbek Hasanbaýew 102 kg agram derejesinde çykyş eder. Dzýudo boýunça 2 türgen wekilçilik edip, Maýsa Pardaýewa 57 kg, Serdar Rahimow bolsa 66 kg agram derejesinde ýaryşa gatnaşar. Suwda ýüzmek boýunça geçiriljek bäsleşiklerde ýurdumyzyň adyndan Aýnura Primowa hem-de Musa Žalaýew çykyş ederler. A.Primowa 100 metr arkanlaýyn ýüzmek, M.Žalaýew bolsa 100 metr erkin ýüzmek ýaryşlarynda bäsleşerler. Walentina Meredowa bolsa ýeňil atletikanyň 100 metre ylgamak ýaryşyna gatnaşar. Ildeşlerimize bu iri halkara sport ýaryşynda uly üstünlikler arzuw edýäris! Bütin dünýäniň ünsüni 17 günläp özünde jemlejek Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çägindäki ýaryşlar 34 desgada geçiriler. Açylyş dabarasyndan 2 gün öň başlan futbol duşuşyklary ýurduň şäherleriniň 9-synda oýnalar. Sörfing boýunça guraljak ýaryşlar Fransiýadan 16 müň kilometr uzaklykdaky Taitiniň Teahupo’o obasynda geçiriler. Fransiýa hökümeti bu iri halkara sport çäresini guramak üçin 9 milliard ýewro möçberinde maýa goýdy. Fransiýada Olimpiýa oýunlaryumumylykda 6-njy gezek guralýar. Şolaryň 3-si tomusky, 3-si gyşky Olimpiýa oýunlarydyr. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 3-siniň salgysy hem paýtagt Pariž bolup, bu ýerde mundan ozal 1900-nji we 1924-nji ýyllardaky çäreler guralypdy. Mundan 100 ýyl öň Fransiýanyň başga bir şäheri Şamoniksde ilkinji gyşky oýunlary hem geçirilipdi. Gyşky Olimpiada 1968-nji ýylda Grenobl, 1992-nji ýylda bolsa Albertwill şäherlerinde guralypdy. Medallara Eýfel diňinden bölejikler ýerleşdirildi Medallar Pariždäki «Chaumet » gymmatbaha şaý-sep, sagat öndürýän kompaniýa tarapyndan dizaýn edilýär hem ýasalýar. Jemi 5084 medal öndürilip, medallaryň hersiniň iki tarapyna Parižiň iň uly nyşany bolan Eýfel diňinden alnan 18 grama golaý demir bölegi ýerleşdirilendir. Altyn medalyň agramy 529 grama deň bolsa, kümüş medalyň 525, bürünç medalyň 455 gram agramy bar. Pariž 2024-iň tumary (talesmany) «Frižler » (Phryges) diýlip atlandyrylýar. Miladydan öň ýaşan Frigiýalaryň şyrdagy nusga alnyp döredilen bu talesman Fransiýanyň nyşany hasaplanýar. Ol erkinligi aňladýar. Frižler Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarytamamlanýança türgenler hem-de janköýerler üçin ruhlandyryjy güýç bolar. Olara uly goldaw berip, şatlyk paýlar. Iň köp petek satylan Olimpiada boldy Şu gün açylyş dabarasy geçirilýän Pariž 2024 XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda petekleriň satuwy rekord derejä ýetdi. Satuwa çykarylan 10 million petegiň 9,3 milliony satyn alyndy. Şeýlelikde, 28 ýyldan soň petek satuwy boýunça Olimpiýa oýunlarynyň rekordy täzelendi. Mundan ozalky rekord Atlanta 1996-a degişli bolup, ABŞ-da geçirilen şol Olimpiadada 8,3 million petek satylypdy. Pariž 2024-iň petek bahalary 90, 250, 500, 900, 1600, 2700 ýewro bahadan satuwa çykarylypdy. Hatda 2700 ýewrodan petek satyn alanlaryň käbirleri iýmit hyzmatyndan hem peýdalanmak üçin 3850 ýewro tölemeli boldy. Açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan Sena derýasynyň kenarynda ýerleşýän öýleri wagtlaýynça kärendesine almak hem bolýar. Öý eýeleriniň arasynda açylyş dabarasynyň geçirilýän gününde kärende tölegini 20 müň ýewro möçberinde baha kesgitleýänler hem bar. Şu gün Aşgabat wagty bilen 21:30-da başlanjak açylyş dabarasy Sena derýasynyň üstünde 6,5 kilometrlik aralykda geçiriler. Toparlar gaýyklar bilen derýadan geçip, Trokadero meýdançasyna bararlar. Iň köp türgen ABŞ-dan gatnaşýar Jemi 206 ýurtdan (2-si Bosgunlar topary hem-de Bitarap türgenler topary) jemi 10 müň 730 türgen gatnaşar. Afrikadan 54, Ýewropadan 48, Aziýadan 44, Amerikadan 41, Okeaniýadan 17 we 2 sany hem ýörite topar Pariž 2024-e wekilçilik eder. Pariž 2024-e jemi 10 müň 700-den gowrak türgen gatnaşar. Iň köp türgen ABŞ-dan gatnaşyp, olaryň sany 592-ä deňdir. Ýer eýeleri Fransiýadan 573, Awstraliýadan 460, Germaniýadan 428, Ýaponiýadan 403, Hytaýdan 388, Ispaniýadan 382, Italiýadan 372, Beýik Britaniýadan 327, Kanadadan 315 türgen Olimpiýa oýunlarynda altyndyr kümüş we bürünç medallar ugrunda göreşerler. Türgenler sportuň 32 görnüşi boýunça bäsleşerler Türgenler sportuň umumylykda 32 görnüşi (48 disiplina) boýunça 329 ýaryşda özara güýç synanyşarlar. Pariž 2024-däki ýeke- täk täze sport görnüşi breýkdans bolup, köçe medeniýetini we tans etmek ukybyny özünde jemleýän bu özboluşly sport görnüşi ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda orun alar. Tokio 2020-de bar bolan karate hem-de beýsbol sportlary maksatnamadan çykaryldy. Pariž 2024-iň maksatnamasyndaky sport görnüşleri we olaryň käbirleriniň dissiplinalary şulardyr: ýeňil atletika, ýaýdan ok atmak, badminton, basketbol (basketbol, 3x3 basketbol), atçylyk sporty (konkur, üç görnüşli, atly ýöriş), welosport (BMX erkin, BMX ýaryş, dag, ýol, trek), boks, breýkdans, fehtowaniýa, agyr atletika, göreş (erkin, grek-rim), futbol, golf, gandbol, ot hokkeýi, suw sportlary (ýüzmek, sinhronlaýyn ýüzmek, woterpol, bökmek, marafon ýüzüş), sörfing, taekwondo, tennis, triatlon, dyrmaşmak sporty, woleýbol (woleýbol, kenarýaka woleýboly), ýelken, stol tennisi, regbi, häzirki zaman pentatlony, dzýudo, kanoe (sprint, slalom), küreklemek, gimnastika (sport, çeper, tramplin), nyşana ok atmak, skeýtbording.

Beýleki habarlar