Rabindranat Tagor

25 Iýul 2024
226

Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda görnükli hindi ýazyjysy, şahyry, kompozitory, suratkeşi, jemgyýetçilik işgäri Rabindranat Tagoryň hem heýkeli bar.

Rabindranat Tagor 1861-nji ýylyň 7-nji maýynda Kalkuttada dünýä inýär. Bäş ýaşynda Gündogar seminariýasyna okuwa berlen Rabindranat sekiz ýaşynda goşgy ýazyp başlaýar. On alty ýaşynda nowellalarydyr drama eserlerini döredip ugraýar, Bhanusimha (Gün ýolbarsy) edebi tahallusy bilen ilkinji şygyrlaryny çap etdirýär.

Zülfiýa ANNAÝEWA,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar