Çeper edebiýatyň terbiýeçilik ähmiýeti

25 Iýul 2024
210

Gahryman Arkadagymyz häzirki ajaýyp zamanamyzda terbiýeçilik işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil milli ýörelgelerimizden ugur alyp, dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini durmuşa ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýratyn nygtaýar. Taryhda ata-babalarymyz mukaddes Watanyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy milli ýörelgä öwrüpdirler. Şonuň üçin hem Watany söýýän, oňa buýsanýan, ýaşlary terbiýelemekde adamzat ýaşaýşyny öwrenýän ylymlar örän uly orun eýeleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýratyn belläp geçmek ýerlikli bolаr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň bu eserleri her bir terbiýeçi üçin gymmatly gollanmadyr. Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet aganyň görüm-göreldesi hemişe, hatda iň soňky demiňde-de halkyň aladasy bilen bolmagy ündeýär. Anna agadyr Berdimuhamet mugallymyň, Mälikguly Berdimuhamedowyň keşplerinde «Watan» diýen düşünjä bolan kämil gatnaşyk örän ussatlyk bilen  beýan edilýär. Muňa «Döwlet guşy» romanynda Mälikguly aganyň Watana bolan söýgüsiniň, synmaz yhlasynyň çeper beýan edilişinden hem görmek bolýar.

Jennet ARAZOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň hukuk üpjünçilik bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar