Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­ne hil gü­wä­na­ma­sy

25 Iýul 2024
104

Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­ne hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di. Mu­nuň özi mer­kez­de ge­çi­ril­ýän bar­lag­ha­na-sy­nag iş­le­ri­niň «Hil me­nej­men­ti­niň ul­ga­my» di­ýen ugur bo­ýun­ça TDS ISO 9001 stan­dar­ty­nyň bel­le­nen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Ýe­ri ge­len­de, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bir ýyl­ly­gy­nyň bel­le­ni­len gü­nün­de «Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy­na hem Türk­me­nis­ta­nyň ser­ti­fi­kat­laş­dy­ryş ul­ga­my ta­ra­pyn­dan şeý­le gü­wä­na­ma­nyň ber­len­di­gi­ni nyg­ta­mak ýa­kym­ly­dyr.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gahryman Arkadagymyzyň gat­naş­ma­gyn­da 2016-njy ýy­lyň iýu­lyn­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi ila­ta hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän döw­re­bap mer­kez­le­riň bi­ri­dir. On­da ge­çi­ril­ýän bar­lag­ha­na-gö­zeg­çi­lik iş­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi hem-de hal­ka­ra stan­dart­la­ra la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ma­gy ýur­du­myz­da «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär. Bu ýer­dä­ki iş­le­re ISO 9001 stan­dar­ty­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy mer­ke­ziň hü­när­men­le­ri­niň öz iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ýo­la goý­ýan­dy­gy­ny, ze­rur hyz­mat­la­ryň gy­şar­nyk­syz ber­jaý edil­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. De­giş­li stan­dart­da göz öňün­de tu­tul­ýan ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän au­dit­ler we bar­lag­lar mer­ke­ziň hil me­nej­ment ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, onuň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny has-da art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. As­lyn­da, ISO 9001 — bu dün­ýä­de hi­li do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yk­rar edi­len stan­dart bo­lup, dür­li gör­nüş­li eda­ra­la­ra, gu­ra­ma­la­ra işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, müş­de­ri­le­riň ta­lap­la­ry­ny öde­mä­ge hem-de özü­niň hi­le yg­rar­ly­ly­gy­ny gör­kez­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Onuň ta­lap­la­ry hil me­nej­ment ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň, işe or­naş­dyr­ma­gyň, sak­la­ma­gyň we yzy­gi­der­li ös­dür­me­giň ter­ti­bi­ni kes­git­le­ýär.

Beýleki habarlar