Çyn-Ma­çyn­da türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň to­ýy

25 Iýul 2024
229

Ýakynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň wekilçilikli topary hem gatnaşdy. Bu döredijilik çäresi dostlukly ýurduň jemgyýetçilik köpçüligini halkymyzyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Me­de­ni­ýet ýy­ly­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy Pe­ki­niň Týan Szýao teat­ryn­da ge­çi­ril­di. Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň gaz­na­la­ryn­da sak­lan­ýan mil­li gym­mat­lyk­la­ryň ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň, ga­dy­my ly­bas­la­ryň, zer­gär­çi­lik önüm­le­ri­niň, dün­ýä­de şöh­rat ga­za­nan türk­men ha­ly­la­ry­nyň ne­pis­li­gi, öz­bo­luş­ly­ly­gy ser­gä gaý­ta­lan­ma­jak mil­li öwüş­gin çaý­dy. Bu gym­mat­lyk­lar aja­ýyp­ly­gy, reňk­le­ri­niň we be­zeg iş­le­ri­niň saz­la­şy­gy bi­len hal­ky­my­zyň köp­ta­rap­ly ze­hi­ni­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Hu­su­san-da, ha­ly we ha­ly önüm­le­ri, ga­dy­my kü­müş şaý-sep­ler, dür­li gör­nüş­dä­ki zer­gär­çi­lik önüm­le­ri, ola­ryň reň­ki­niň, be­zeg daş­la­ry­nyň saz­la­şy­gy, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň kü­müş şaý-sep­le­ri da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar­da uly tä­sir gal­dyr­dy.

Beýleki habarlar