Watanymyzyň ösüşlerinden ruhlanyp

25 Iýul 2024
168

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda welaýatyň etraplarynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, işgärleriniň we işjeň agzalarynyň arasynda dürli mazmunly çäreler yzygiderli häsiýetde geçirilýär. Häzirki günlerde geçirilýän maslahatlarda zähmetkeşleriň arasynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty wagyz-nesihat edilýär, işleri döwrüň ruhuna laýyklykda guramagyň ähmiýeti düşündirilýär, tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak bilen bagly gürrüňe hem üns çekilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda” nobatdaky Kararynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmekde, şeýle-de Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmekde hem mynasyp tagalla edilýär.

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar