Agyz suwy bilen üpjün edilýär

25 Iýul 2024
107

«Marywelaýatagyzsuw» birleşiginiň Baýramaly «Şäheragyzsuw» müdirliginiň işgärleri tomsuň häzirki yssy günlerinde ilatyň arassa agyz suwuna bolan islegini kanagatlandyrmak ugrunda has yhlasly zähmet çekýärler. Müdirligiň suw arassalaýjy desgasyna tejribeli hünärmen Ýolbarsgeldi Hangeldiýew ýolbaşçylyk edýär.

Desganyň 5 sany üsti açyk, her biri 3 müň 500 kub metr dury suwy saklamaga niýetlenen howdany bar. Desga gelýän suw öz gözbaşyny «Göksuw» akabasyndan alýar. Bu ýerde her gije-gündizde 9,5-10 müň kub metr möçberdäki suw arassalanyp, geçirijiler arkaly Baýramaly şäheriniň we şäher ýakalarynyň 66 müňden agdyk ilatyna bökdençsiz ýetirilýär. Mundan başga-da, arassa agyz suwy hassahanalara, çagalar baglaryna, mekdeplere, edara-kärhanalara berilýär.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.
Beýleki habarlar