Demokratik özgertmeler ýoly bilen

24 Iýul 2024
143

Ýakynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty – kämil geljegi gurmagyň möhüm ýoly» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini ýaşlara giňden wagyz etmek, halk demokratiýasynyň dabaralanmagyna olary işjeň çekmek we nobatdaky maslahatyň guramaçylykly geçirilmegine ýaşlaryň goşant goşmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar.

Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar