Çagalygyň bagtly çagy

24 Iýul 2024
139

Türkmenistanyň tebigaty täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanyp, onuň iň gözel ýerleriniň biri-de Gökdere jülgesidir.

Bu ajaýyp jülge özüniň arassa dag howasy, çogly güneşi, dury suwly çeşmesi, özboluşly gözelligi, baýyrlary... bilen haýran galdyrýar. Häzirki wagtda ajaýyp jülgede ýerleşýän döwrebap çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjekleriniň, şol sanda Arkadag şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary öz wagtlaryny şadyýan, täsirli we gyzykly geçirýärler, bilim-sowatlaryny, ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar. Gökdere jülgesi ýylyň dört paslynda-da öz gözelligi, ajaýyplygy bilen tapawutlanýar.

Rahymguly KULYÝEW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar