Kubok ugrundaky bäsleşik başlaýar

24 Iýul 2024
140

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynyň bijeleri çekildi.

Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 9-sy («Arkadag», «Altyn Asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw», «Energetik», «Köpetdag») gatnaşar. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň geçiş tertibine laýyklykda, futbol çempionatymyzyň geçen möwsüminde soňky iki orny eýelän «Merw» bilen «Şagadam» toparlary deslapky tapgyrda güýç synanyşarlar. Bu toparlaryň arasynda geçiriljek oýunlaryň netijesinde ýeňiş gazanan topar bijä laýyklykda, çärýek finalda «Altyn Asyr» topary bilen duşuşar. Deslapky tapgyryň duşuşyklary 11-nji hem-de 14-nji awgustda geçiriler. Şeýlelikde, geçirilen bijä laýyklykda, beýleki çärýek final jübütlerini «Arkadag» — «Energetik», «Nebitçi» — «Aşgabat» hem-de «Ahal» — «Köpetdag» toparlary düzdüler. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 24-25-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 2-3-nji sentýabrda geçiriler.

Orazgeldi GELDIÝEW,
sport synçysy.
Beýleki habarlar