Aşgabatdan Pariže: täze medallar üçin ak ýol!

24 Iýul 2024
125

Bu gün Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna, Aşgabadyň bolsa sport şäherine öwrülendigi aýdyň hakykat. Ynha, şol ajaýyp şäherden dünýäniň çar künjünde geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin ýola düşýän türgenlerimiziň hem yzyna medalsyz dolanyp gelýäni seýrek. Bu gün bütin dünýäde Aşgabat şäheri medallary gowşurýan we kabul edýän sport şäherleriniň biri hökmünde meşhur.

Ynha, 22-nji iýulda paýtagtymyzda geçirilen dabarada hem muňa ýene bir ýola şaýat bolduk. Şol gün XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ýurdumyzyň wekilçilikli topary merjen paýtagtymyzdan Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherine ugradyldy. Elbetde, olar dünýäniň iň uly sport baýramçylygyna gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny gorarlar. Dostlukly ýurda ugran Türkmenistanyň sport wekiliýeti Parižiň Şarl de Goll adyndaky Halkara howa menzilinde gyzgyn garşylanyldy. Türgenlerimiz bu ýerde 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşerler.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar