Nurana menziller

24 Iýul 2024
115

Ýaşlar döwrüň, milletiň döredijilik güýjüni artdyrýar. Ýaşlaryň döwrebap ösüşi we saglygy, bilim, terbiýe almaklary, saýlan hünärleri boýunça kämil bolmaklary, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýaş nesil, ýaşlar döwletiň güýji we geljegidir. Dünýäde ilatyň aglaba bölegini ýaşlar düzýär. Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak garaýyşlaryna, dünýägaraýşyna, beden saglygyna baglydyr. Güýçli raýat jemgyýeti bolan döwleti berkarar etmekde ýokary intellektual mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlara bil baglanýar. Ýaşlarymyz döredijilik işiniň hem obýekti, hem subýekti hökmünde jemgyýetiň mundan beýläk-de demokratiýalaşmagyna, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýaşlaryň hukuklaryny hem azatlyklaryny üpjün etmäge, ýurduň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna olaryň doly hukukly gatnaşmagynyň wezipelerine döwlet derejesinde oýlanyşykly çemeleşilýär. Hormatly Prezidentimiz üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk binýadyna aýratyn üns berýär.

Orazgül ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň umumy bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar