Sapaly tomsuň şowhuny

24 Iýul 2024
106

Tomusky dynç alyş möwsümi çagalaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Bu babatda ýurdumyzyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän köpsanly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde mynasyp işler amala aşyrylýar. Şolaryň biri bolan Gökdere jülgesindäki «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem üçünji möwsümde çagalaryň 475-den gowragyny gujak açyp garşylady. Çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin bu ýerde meýilnama esasynda medeni hem-de sport çäreleri, dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle merkezlerde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, kompýuter hem-de daşary ýurt dilleri merkezleri, çeper eller, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty ýaly birnäçe gurnaklar hereket edýär.

«Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde-de «Kim çalasyn?», «Saglygym — baş baýlygym» diýen atlar bilen küşt, şaşka, düzzüm ýaly oýunlar boýunça ýaryşlaryň birnäçesi geçirilýär. Şeýle gyzykly çärelerdir dürli sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi çagalaryň zehin başarnyklaryny has-da kämilleşdirýär.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar