Berk talap

24 Iýul 2024
100

Ulag serişdesini dolandyrmak üçin zerur resminamalaryň düzüw bolmagyny üpjün etmek hökmany şert bolup durýar. Mysal üçin, awtoulag serişdesine erk etmek üçin dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnama, bellenen tertipde şahadatnama sürüjiniň elinden alnan ýagdaýynda bolsa, wagtlaýyn rugsatnamasy we şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmalydyr. Mundan başga-da, Kadalarda bellenilişi ýaly, ulagyň bellige alnandygy hakynda güwänamasy we döwlet tehniki gözegçiliginden geçendigi hakyndaky guratlyk haty sürüjiniň ýanynda bolmalydyr. Ýene bir ýagdaýam ýatlap geçeliň. Eger-de ulagyň eýesi bolmadyk mahaly dolandyrylanda, şol ulaga eýelik etmäge, ony ulanmaga, oňa serenjam bermäge bolan hukugyny tassyklaýan resminamasy hökmandyr. Bu babatda ýük awtoulaglary üçinem kesgitlenen kadalar hereket edýär.

Bölümçämiziň gözegçileri ýollara we köçelere gözegçilik edenlerinde ýokarda gürrüňi edilen düzgünleriň berjaý edilişine-de ýeterlik üns berýärler. Sebäbi, sürüjileriň käbirleri geleňsizlik edip, degişli resminamalary düzgüne laýyk resmileşdirmän awtoulaglara erk edilmegine ýol berýärler. Şeýle düzgün bozmalara ýol berýän sürüjiler ýüze çykarylsa, olara hereket edýän kanunçylyga laýyklykda çäreler görülýär.

Beýleki habarlar