“Mersedes - benziň” taryhyndan

24 Iýul 2024
116

Täze tehnologiýalar bilen gyzyklanýan meşhur telekeçi Emil Ýellinekiň haýyşy boýunça 2 silindrli, 6 at güýji kuwwatly awtomobil döredilip, bu awtomobil uly üstünlige eýe bolupdyr. 1900-1901-nji ýyllarda inžener-konstruktor Awgust Wilgelm Maýbah tarapyndan işlenilip taýýarlanylan 35 PS dünýäde ilkinji hereketlendirijisi benzin bilen işleýän bu awtomobil Emil Ýellinekiň haýyşy boýunça gyzynyň hormatyna “Mersedes” diýip atlandyrylypdyr.

Ýellinekiň gyzynyň maşgalada tutulýan ady Mersedes bolup, doly ady Adriana Manuela Ramona Ýellinekdir. Mersedes awstriýaly telekeçi hem-de Awstro-Wengriýanyň ilçisi Emil Ýellinekiň maşgalasynda Awstriýanyň Wena şäherinde dünýä inýär. Mersedes — ispança “Merсedes” — “sowgat, sylag” diýmekdir. Şol döwürlerde bu at ispan dilli halklarda uly meşhurlyga eýe bolup, aýal-gyzlara dakylypdyr. Bu adyň doly atlandyrylyşy Mariýa de las Mersedesdir.

Beýleki habarlar