Berk ynam bilen beýik ýeňişlere

24 Iýul 2024
159

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän ynamyna we eziz Diýarymyzda sporty ösdürmek ugrundaky hossarlyk aladalaryna ussat türgenlerimiz beýik ýeňişleri bilen jogap berýärler. Ykbalyny sporta baglan ýaşlarymyz bu gün Aziýa we dünýä ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň taryhynda öçmejek yz galdyrýarlar.

Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalarynyň bu ýaryşa uly dabara bilen ugradylmagy türgenlerimiziň ruhubelentligini, yhlasyny has-da artdyrdy. Ýygyndymyzyň düzüminde dzýudo sportunyň ilkinji ädimlerini welaýatymyzdan başlan türgenleriň ikisiniň çykyş etmegi bolsa biziň üçin aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Hojambaz etrabyndan 20 ýaşly dzýudoçy Serdar Rahymow we Köýtendag etrabyndan 19 ýaşly zehinli türgenimiz Madina Pardaýewa häzirki wagtda paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak bilen, türkmen sportunyň şanynyň has-da beýgelmegine saldamly goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesinden we hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyndan ruhlanýan ýaş türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjekdiklerine uly ynam bildirýäris.

Jora MATNAZAROW,
Köýtendag etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň dzýudo göreşi boýunça tälimçisi.
Beýleki habarlar