Kalplaryň şahyrynyň hormatyna

24 Iýul 2024
151

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we kitaphananyň bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy – türkmen kalbynyň şahyry» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň wekilleri, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer syýasaty esasynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna uly sarpa goýulýandygy, ýaşlary milli watançylyk ruhunda terbiýelemekde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň köptaraplaýyn edebi mirasynyň täsiriniň uludygy bellenildi. Çykyş edenleriň akyldar şahyrymyzyň öwüt-ündew mowzugyndaky goşgularyny okap, olarda öňe sürülýän pikirleri giňişleýin düşündirmekleri maslahatyň täsirini has-da artdyrdy.

Amangözel TAGANDURDYÝEWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar