Sport ýaryşlary geçirildi

24 Iýul 2024
136

Welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirligi hem-de welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi bilen bilelikde Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde sport ýaryşlaryny guradyk. Oňa «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşlarda çagalar öz başarnyklaryny görkezdiler. Sportuň şaşka, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, biliňde halka aýlamak ýaly görnüşleri boýunça guralan ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden çagalar höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanyldylar. Şeýle-de çäräniň dowamynda degişli hünärmenler hereketli oýunlarda ýüze çykyp biläýjek şikesleriň öňüni almak boýunça gürrüňdeşlik geçdiler. Şeýle-de ýaşlar ýurdumyzda dynç almaklary hem-de saglygyny berkitmekleri ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

Aknabat Welliýewa,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar