Dabaraly maslahat geçirildi

24 Iýul 2024
129

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde «Toprak bereket eçilýär» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirdik. Oňa guramamyzyň şäher komitetiniň hünärmenleri we işjeň agzalary, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň işgärleri, pudagyň öňdebaryjy zähmetkeşleri gatnaşdylar.

Galla oragy möwsüminiň üstünlikli jemlenmegi mynasybetli geçirilen bu maslahatda ilkinjileriň hatarynda zähmet ýeňşini gazanan gallaçy kärendeçilerimizi we kuwwatly tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edip, möwsümde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamakda ussatlyk görkezen sürüjileri guramamyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk. Janypkeş daýhanlarymyz oba zähmetkeşlerine giň mümkinçilikleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar. Soňra welaýatymyzyň sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary bilen ildeşlerimize ruhy lezzet paýladylar.

Aýnura JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň buhgalteri.
Beýleki habarlar