Ýol abat — il abat

24 Iýul 2024
113

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň halkyň asudalygy we bagtyýarlygy hakda edýän aladalaryndan ugur alnyp, awtomobil ýollaryny abatlamak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şu günler welaýat merkezimizdäki ýollara sürüjiler we pyýadalar üçin niýetlenilen ýol belgilerini goýmak, olary täzelemek işleri bilen birlikde ýörite toparyň çözgüdi bilen çatryklara döwrebap ýolyşyklary hem goýulýar. Şeýle hem Türkmenabat — Mary awtomobil ýolunyň Türkmenabat şäher böleginde sürüjileri ugrukdyrýan ýol çyzyklaryny çyzmak, ulaglaryň göwnejaý hereketlerini ýola goýmak işleri hem sazlaşykly alnyp barylýar.

Bu ugurdaky işler ildeşlerimiziň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen birlikde şäherimiziň barha gözelleşmegine getirýär. Ýollarda hereket howpsuzlygyny gazanmak, ýol-ulag belgileriniň ähmiýetini ilatyň dykgatyna ýetirmek maksady bilen sürüjiler bilen düşündiriş işlerini hem yzygiderli geçirýäris.

Döwran JUMAÝEW,
Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar