Ajaýyp Awazanyň melhem howasy, suwy, «Arzuwda» hasyl bolýar çagalaryň arzuwy

24 Iýul 2024
154

Tomus — 2024

Her bir çaga tomus paslynda deňziň kenarynda dynç almagyň, deň-duşlary bilen gyzykly oýunlary oýnamagyň, wagtyny şadyýan hem-de peýdaly geçirmegiň arzuwynda bolýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň bu arzuwynyň hasyl bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Muňa «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýokary derejeli «Gämi» myhmanhanalar toplumy we sagaldyş-dikeldiş merkeziniň «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalary göreniňde hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu ýerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şat we sapaly, ýatda galyjy geçirmekleri üçin uly aladalar edilýär. Çagalar medeni çärelere, dürli bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar, özlerini gyzyklandyrýan güýmenjeleri bilen meşgul bolýarlar. Merkezde gyzyklanmaga zat köp. Çagalaryň dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde oýun oýnamak, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zaly, kompýuter otagy, gurnaklar, kitaphana hereket edýär. Bu bolsa çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.

Akbäbek SATLYKOWA.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar