Ýaş nesil baradaky alada

24 Iýul 2024
126

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp-ulalmaklary, ylymly-bilimli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu gün ata Watanymyz bagtyýar çagalygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi.

Ösüp gelýän ýaş nesiller — ajaýyp zamanamyzyň gül-gunçalaryna deňelýän mähriban körpelerimiz biziň ynam-arzuwlarymyzdyr. Şonuň üçinem watansöýüji, berk bedenli, sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda alnyp barylýan möhüm işler aýratyn many-mazmuna beslenýär. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalarynyň aýdyň netijesidir. Hut şeýle bolansoň bagtyýar nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan alkyşly sözleri asla egsilmeýär.

Nurmyrat HÖWEZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Etrek etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar