Dumly-duşdan dürli-dümen

24 Iýul 2024
128

Daş buzlugy

Argentinada ýerleşýän Kampo-de-Pedra-Pomes atly giden meýdan tebigat täsinlikleriniň jemlenen ýeridir. Guşuçar belentlikden seredeniňde, ululy-kiçili, dürli reňkli kiçiräk baýyrlar, gaýalar özboluşly gözelligi peşgeş berýär. Irki döwürlerde Blanko ýanardagynyň atylmagyndan emele gelen ýere «Daş buzlugy» ýa-da «Aý landşafty» diýilýär. 14 inedördül kilometr meýdanda ýanardag jynsy bolan pemza emele gelmeleri Gün şöhlesine öwşün atýan buz harsaňlaryny ýadyňa salýar. Ýyllaryň geçmegi bilen pemza dag jynsyny ýeliň timarlamagy netijesinde täsin şekiller döräpdir. Bu ýerde olaryň bäş müňden gowragy bar. Dürli ululykdaky şekilleriň käbiriniň beýikligi 30 metrden geçýär. Tebigatyň bu ajaýyplygy syýahatçylary özüne çekýär.

Beýleki habarlar