Kämil hukuk binýady

24 Iýul 2024
491

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurdaky maksatnamalaýyn işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, belent ahlak häsiýetinde terbiýelenmegine oňyn ýardam edýär.

Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen üstünlikli özgertmeleriň alnyp barylýandygyny äşgär edýär.

Hemra AKMÄMMEDOW,
Sarahs etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar