Maslahat işjeňlikde geçdi

24 Iýul 2024
138

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda maşgala mukaddesligine bagyşlanan wagyz-nesihat ähmiýetli maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýewiň, mährem ene Ogulgözel Myradowanyň, Gökdepe etrap Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri Enar Amanlykowanyň çykyşlary uly dykgat bilen diňlendi.

Ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga gönükdirilen tagallalar, şeýle-de pederlerimizden miras galan asylly ýol-ýörelgeler, däp-dessurlar, edep-terbiýe kadalary dogrusyndaky gürrüň maslahatdaky çykyşlarda eriş-argaç bolup geçdi. Çykyş edenler ýaşlara gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Guwanç ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar