Halk Maslahaty: demokratiýa, adyllyk we jebislik

24 Iýul 2024
217

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Golaýda paýtagtymyzyň häkimliginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisinde munuň bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ählumumy forum Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriler.

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde durýan möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň aýratyn uly ähmiýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ol adamlary beýik maksatlaryň daşynda birleşdirmekde, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar