Göwnejaý taýýarlyk görülýär

23 Iýul 2024
184

Kaka etrabynyň gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin 42 müň 400 gektarda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirýärler. Şoňa görä-de, olar meýdanlary ekiş möwsümine göwnejaý taýýarlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Etrabyň oba zähmetkeşleri şu günler ekerançylygyň we daýhançylygyň ýörelgelerinden ugur alyp, ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini alyp barýarlar. Işleriň alnyp barlyşynyň ýokary hilli, talabalaýyk bolmagyny gazanmak üçin işe dahylly hünärmenler yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Ekişe niýetlenilen ýerleri dökünlemek hem taýýarlyk işleri utgaşykly amala aşyrylýar. Ekerançylyk meýdanlar fosfor bilen iýmitlendirilip, ýerler gurplandyrylýar.

Şasoltan GURBANNYÝAZOWA,
ştatdan daşary habarçymyz.
Beýleki habarlar