Ösüşleriň mekany

23 Iýul 2024
162

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekany hökmünde Ýer ýüzünde uly meşhurlyga, şan-şöhrata eýedir. Ýurdumyzda saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler berkarar Watanymyzyň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidip, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň barha rowaçlanmagyna itergi bolýar. Bu zatlar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň sazlaşykly ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri saglyk merkezleri, sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ak mermerli paýtagtymyzda hereket edýän Olimpiýa şäherçesiniň, Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Munuň özi halkymyzyň sagdynlygy we bagtyýarlygy ugrundaky taýsyz tagallalaryň güwäsi bolup durýar.

Aýnabat MÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar