Halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine

22 Iýul 2024
83

Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli zerur şertleri döretmek meselesi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Beýleki habarlar