Halk Maslahaty: asylly däpler dowamat-dowam

22 Iýul 2024
154

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edilip, oňa laýyklykda, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi wajyp ähmiýete eýedir. Çünki ol jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy däplerini döwrebap röwüşde dowam etdirýän halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Döwletiň we raýatyň milli kanunçylyk ulgamyna esaslanýan gatnaşyklarynyň aňly-düşünjeli, döredijilikli, sazlaşykly bolmagy, hukuk kadalarynyň çygrynda düzgünleşdirilmegi, şonuň bilen birlikde, onuň ahlak hem-de umumadamzat gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşlerini häsiýetlendirýän esasy alamatlaryň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Konstitusion kanunyň 15-nji maddasy esasynda Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararynyň kabul edilmegi bu ählihalk forumynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Resminama laýyklykda, mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Mejlis bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermelidigi, bu işleri utgaşdyrmalydygy hem bu Kararda kesgitlenildi.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar