Täsirli geçen bäsleşik

21 Iýul 2024
247

Tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şatlykly-şagalaňly geçirmekleri üçin ýurdumyzda uly aladalar edilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesliň şadyýan sesleri ýaňlanýar. Welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde welaýatyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň ýüzlerçesi dynç alyp, saglygyny berkidýär. Daşoguz şäher häkimliginiň garamagyndaky bu merkezde çagalaryň her bir gününiň manyly, şadyýan geçmegi babatda zerur tagallalar edilýär. Merkezde dürli ýaşdaky çagalardan düzülen toparlaryň arasynda geçirilýän baý mazmunly çärelere gyzyklanma diýseň uludyr. Şeýle çäreleriň biri hem golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap Geňeşi tarapyndan ýörite meýilnama esasynda geçirilen «Şygryýet ummanynyň dürdäneleri» atly şygar astynda goşgy aýtmak boýunça bäsleşikdir.

Bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa ornaşdyrmakdan, ýaşlary kitap okamaklyga, goşgy ýat tutmaklyga höweslendirmekden ybaratdyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösýän, özgerýän, abraý-mertebesiniň dünýä dolýan ýurdumyzyň ýaşlarynyň ruhy dünýäsiniň baý mazmunly bolmagyny, ýaş nesliň adamzadyň ruhy hazynasy hasaplanýan kitaplar dünýäsine çuňňur aralaşmagyny, kitaplar we kitaphanalar bilen dostlaşmagyny gazanmak, ýaşlarda kitap okamak, goşgy ýat tutmak endiklerini ösdürmek möhüm bolup durýar.

Döwran TURAÝEW,
Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň başlygy.
Beýleki habarlar